en

Brand Coll
Install Now
Brand Coll
Brand Coll

Brand Coll

We are a person who knows the Brandcoll Applikasy and we are in the Gapy

App Size: 14M
Release Date: Mar 5, 2021
Price: Free
1
6 Ratings
Size:
14M
Download APK
Google Play

Screenshots for App

Mobile
Brandcoll Applikasiýasy Bilen Ähli Gerekli Zatlaryňyz Gapyňyzda!

Öýde oturan ýeriňizden söwda etmegiň aňsat ýoly! Brandcoll applikasiýasy bilen söwdanyň lezzetini artdyryň. Applikasiýany ýükläp, ähli gerekli harytlaryňyzy ýekeje applikasiýada tapyp bilersiňiz. Nirede bolsaňyzam, islendik wagtda Brandcoll applikasiýasy bilen siz markalaryň möwsümleýin täze harytlary, gündelik ýörite aksiýalar we başga hiç ýerde gabat gelmeýän arzanladyşlar bilen tanşyp bilersiňiz. Egin-eşiklerden kompýuterlere, sport enjamlaryndan şahsy ideg serişdelerine, aksessuarlardan mebellere, kosmetiki serişdelerinden çaga eşiklerine çenli ähli gerekli harytlaryňyzy ýekeje düwmä basmak arkaly alyň. Siziň etmeli ýekeje zadyňyz ‒‒ saýlan harytlaryňyzy sebediňize goşmak.

Brandcoll Applikasiýasynda Nämeler Bar?

Size gerek bolan ähli zat bar. Möwsümiň iň köp isleg bildirilýän egin-eşikleriniň, aýakgapdyr şypbyklarynyň, sport egin-eşikleridir enjamlarynyň, hojalyk harytlarynyň dürli görnüşlerini iň amatly bahadan tapyp boljak ýer ‒‒ Brandcoll applikasiýasy. Şeýle hem öý bezeglerinden bäbekleriň gerek zatlaryna, kosmetikadan şahsy ideg serişdelerine çenli dürli kategoriýalardaky gözleýän harytlaryňyz bu ýerde Size garaşýar! Brandcoll applikasiýasy arkaly öý we ofis mebelleri, çaga arlyklary, çaga oýunjaklary, elektroniki enjamlar we aksessuarlar ýaly dürli kategoriýalardan oturan ýeriňizde dessine söwda edip bilersiňiz. Brandcoll bilen ähli zerur zatlaryňyz gapyňyzda!

Ýüzlerçe Kategoriýa!

Aýakgap, arassaçylyk serişdeleri, aksessuar we sumka, sagat, öýde geýilýän eşikler, äýnek, içki eşik, kosmetika we şahsy ideg, supermarket, Petshop, saglyk we sport, saçak we aşhana, mebel, wanna, kofe ýasaýan maşyn, öý bezeg serişdeleri, makiýaž, beden makiýažy, saç idegi, atyr, kiçi öý esbaplary, kompýuter we planşet, oýun konsoly, kamera, TV, nauşnik, durmuş enjamlary, ykjam telefony, çaga eşikleri, sanly oýun kodlary we başgada köp-köp harytlar!

Aksiýaly Harytlary Sypdyrmaň

Brandcoll applikasiýasynda aksiýaly harytlary gözläň hem-de hakyky arzanladyşlardan we söwdadan lezzet alyň! Bir harytda berlen maglumatlar ýalňyşdyr öýtýäňizmi? Her bir harydyň aşagynda ýerleşdirilen “Haryt barada teklipler” bölüminden Brandcoll merkezine habar beriň! Harydyň bahalandyrmalaryna görä netije çykaryň! Iň gowy bahalandyrylan satyjylardan söwda ediň! Birmeňzeş harytlar tekjesinde öz saýlan harydyňyzyň meňzeşlerini görüň we olary biri-biri bilen deňeşdiriň!


Size Niýetlenen Ýörite Pul Ballary we Sowgat Çekleri,
Halan Harytlaryňyzda Baha Habarnamasy

Brandcoll applikasiýasynda ýörite size niýetlenen pul ballaryny we sowgat çeklerini ulanyp, lezzet alyň! Halan harytlaryňyzy “Halaýanlarym” bölümine goş! Halan harytlaryňyzda baha arzanladyşy bolsa, baha habarnamasy arkaly size habar bereris.

Brandcoll applikasiýasyny ýükläň, Koton, Mango, Zara, Defacto, Adidas, Nike, Vans, Mavi, Pull&Bear, Bershka, Hotiç, HP, Apple, Samsung, Prima, Converse, Levi's, Victoria’s Secret, NYX Professional Make-Up, Vakko, Yargıcı, Casio, L'Oreal, Gucci we Prada ýaly markalaryň size niýetlän ýörite arzanladyşlaryndan we aksiýalaryndan habarsyz galmaň, dessine söwda ediň!

Her Gün Müňlerçe Täze Haryt

Egin-Eşik, aýakgap, aksessuar, market, sport enjamlary, sumka, petshop, öý bezeg serişdeleri we ýüzlerçe kategoriýadaky millionlarça harydyň hemmesi şu ýerde. Saýlamak siziň bilen! Nirededigiňize garamazdan göz gezdiriň, saýlaň we satyn alyň. Söwda etmek diýseň aňsat!

Her gün dürli kategoriýalara goşulýan müňlerçe täze haryt bilen täzelenen arzanladyşlaryň hemmesi şu ýerde.

Fenomen Kolleksiýalaryny Sypdyrmaň

Öz halaýan fenomenleriňiziň taýýarlan kolleksiýalaryny sypdyrmaň. Dessine Brandcoll applikasiýasyna giriň, fenomenleriňiziň saýlan harytlaryndan ybarat bolan kolleksiýalaryny görüň!
Show More
More Information about: Brand Coll
Price: Free
Version: 1.1
Size: 14M
Release Date: Mar 5, 2021
Content Rating: Everyone
Developer: Halil Dovletmyradov
Developer Apps:
Recent Releases

Whatsapp
Vkontakte
Telegram
Reddit
Pinterest
Linkedin
Hide